Daşary söwda barada maglumat
Info Trade Central Asia Gateway (Central Asia Gateway), Merkezi Aziýanyň çäklerinde, içine getirilip we daşynda äkidilip satylýan harytlaryň köpüsi üçin ygtyýarnamalar, deslapky rugsatnamalar we resmileşdirme resminamalar boýunça yzygiderli ädimme-ädim gollanmalaryna gönüden-göni elýeterli mümkinçilklerini döredýär.
Central Asia Gateway özünde jemleýän maglumatlary gönümel Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda döredilip ýola goýunlan söwdany ýeňilleşdirýän milli portallardan awtomatiki usulda alýar, hususan-da awto ýol, demir ýol, deňiz ýa-da howa ýollary milli eksport, import we üstaşyr bilen bagly resmileşdirme tertipleri görkezýär. Her bir ädimde, Central Asia Gateway öz ulanyjylara nirä gitmelidigi, kime ýüz tutmalydygy, haýsy resminamalary tabşyrmalydygy, haýsy formalary doldurmalydygy, haýsy tölegleriň geçirilmegi, ädimiň degişli kanun esaslary, şeýle hem näsazlyk ýüze çykan halatynda nirä ýüz tutulmagy barada ulanyjylara habar berýär.
Serhetlerdäki multimodal söwdanyň bu aç-açanlygy sebitde gapydan-gapa eltilmegini aňsatlaşdyrýar we her bir ulanyja Merkezi Aziýa koridorlaryny netijeli ulanmaga we söwda integrasiýasyny goldamaga mümkinçilik berýär.
Indi şowsuzlyga ýol ýok! Söwdagärler indi bulaşyk düşnüksiz düzgünleriň we tükeniksiz kagyzlaryň labirintinde ýitmezler we indi sadaja bir düwmä bir gezek basmak arkaly maglumat alyp bilerler.

Söwda syýasatlarynyň sazlaşygyny goldamak
Central Asia Gateway bilen harytlaryň koridorlar arkaly hereketi has çalt we bökdençsiz bolar we şeýlelik bilen kärhanalary sebit we dünýä bazarlaryna birikdirmäge kömek eder.
Central Asia Gateway esasy bölegi bu Söwdany ýeňilleşdirmegiň indeksi (SÝI).
SÝI Merkezi Aziýa ýurtlaryna öňdebaryjy tejribe alyşmaga we sebit hem-de milli derejede kesgitlenen maksatlara tarap öňe gidişligini yzygiderli synlamaga mümkinçilik berýär.
Söwdanyň ýeňilleşdirilmegini üpjün etmegiň ugrunda meşgullanýan edaralara import we eksport aňsatlygyny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky administratiw çylşyrymlylygyny ölçemäge we deňeşdirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirklikçe SÝI Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýörite söwdany ýeňilleşdirýän edaralaryň ulanylmagy üçin niýetlenendir.